ALKYŞLY KAPLARYŇ KELAMY
282025-nji ýylyň 16-njy noýabrynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu baýraga mynasyp bolan ýaşlaryň arasynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlarydyr talyplarynyň bolmagy buýsandyryjy ýagdaý. Institutymyzyň professor-mugallymlarynyň adyndan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlarymyzy mähirli gutlaýarys.
Serdar RAHMANOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Bank işi kafedrasynyň mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak bagty maňada miýesser etdi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda zähmet çekýän ýaşlara mynasyp baha berilýär. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna dürli ugurlarda aýratyn tapawutlanan zehinli ýaşlar ýüze çykarylyp, olar höweslendirilip hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we Ýaşlar baýragy gowşurylýar. Ýaşlar baýragy — ýaşlygyň uly serpaýy, ýaşlaryň toý paýy. Bu baýraga eýe bolmagymyz bizi ylym-bilimde has-da kämilleşmäge, halal zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda dürli ugurlar bilen bir hatarda milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge we oňa innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Biz — ýaş mugallymlar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge mynasyp goşant goşjak, döwrebap ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamakda zähmetimizi gaýgyrmarys.

Aýgül GANDYMOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň
4-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada mynasyp bolmagym durmuşymyň ýatdan çykmajak wakasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýip belleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmegine aýratyn üns berilýär.
Eziz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilimdir terbiýe almaklary, kämil düşünjeli, watansöýüji nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Her bir güni taryhyň şöhratly sahypalaryndan orun alýan şeýle ajaýyp döwrümizde menzil-menzil ýol aşyp, üstünlikden-üstünlige ýetmek hemmämize nesip etsin!
Täze taryhy döwrümizde okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin.
